Habarlar
Habarlar
167b8b09f15045.jpeg
1 ýyl ozal
«Hakyda göwheri» – geçmişe syýahat

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň soňky günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  «Hakyda göwheri» atly täze kitaby çapdan çykdy. Bu hoş habar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär.

1631aa797e6473.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Özbegistan ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary 7-nji sentýabrda Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdany ýakyn wagtda 2 milliard ABŞ dollaryna çenli ýokarlandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

1631955165f581.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny berkidýär

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginde türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň azerbaýjan tarapyndan ýolbaşçysy, ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow bilen duşuşdy.

1631954e62a9f2.jpeg
3 ýyl ozal
Hytaýyň awtoulag şaýlary Türkmenistanyň üstünden Eýrana iberiler

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen we eksporta iberilen awtoulag şaýlary Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly daşalar. Gazagystanyň demir ýol edarasynyň berýän habaryna görä, awtoulaglaryň şaýlary, dürli görnüşli enjamlar ýüklenilen, her biri 40 fut bolan 50 sany konteýnerden ybarat bolan otly Hytaýyň Jingan demirgazyk-gündogar stansiýasyndan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça iberildi.

16318047f16ef6.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenbaşy portunyň üsti bilen özbek dökünleri Ýewropa ugradyldy

Mineral dökünler bilen ýüklenen 40 futlyk 24 sany konteýner otlusy Türkmenbaşy portuna geleninden soňra Hazar deňziniň üsti bilen fider daşamalaryny amala aşyrýan Mahmud Rehimow gämisi arkaly Azerbaýjanyň Alýat portuna daşaldy. “ADY Container” kompaniýasy “Azerbaýjan demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň golçur kompaniýasy bolup, ol hem ýüküň daşalmagyna gatnaşdy.

163179c16c66e5.jpeg
3 ýyl ozal
Älem TV hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

«Türkmentelekom» we AŞTU öz müşderilerine Älem TV onlaýn-telewideniýe hyzmatyny hödürläp başlady.

16316b161d3f62.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistandaky oňyn özgertmeler dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

5-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi.

16314f87ded3d0.jpeg
3 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-023 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

1676808ee0d6e3.jpeg
8 aý ozal
TÄZE ÝYL ÝÜREKLERE NUR ÇAÝÝAR

Ýene sanlyja günlerden halkymyzyň durmuşynda uly öňegidişliklere beslenen 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanar. Bu ýyl şatlykly hem buýsançly wakalara baý ýyl hökmünde taryha girer. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu ajaýyp baýramçylyga uly-kiçi sabyrsyzlyk bilen garaşyp, uly taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygyny her kim öz öýünde toý saçagynyň başynda şadyýanlyk, agzybirlik, bagtyýarlyk bilen garşylamagy niýet edinýärler.

16314f6f2413ff.jpeg
3 ýyl ozal
Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň düzümleri ösdürilýär

Bu barada hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hususan-da, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiligini netijeli durmuşa geçirmek, ugurdaş düzümleri has-da ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, üstaşyr ýük daşalyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.