Habarlar
Habarlar
Ulag ulgamy durnukly ösüşiniň esasy ugry
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bir ugruny durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginde görýär. Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär.
Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler
30-njy maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlarynyň gelmegi üçin ýörite ýolagçy howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär. «Atavatan Türkmenistan» neşiriniň habar bermegine görä, howa gatnawy Stambulyň halkara howa menzilinden amala aşyrylar.
Täze zamananyň ulag diplomatiýasy
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar we halkara derejesindäki abraýy barha belende göterilýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň ýolagçylar üçin uçuş düzgünlerini neşir etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylar üçin halkara gatnawlarda uçuş wagtynda berjaý edilmeli düzgünleri mälim etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Sanlylaşdyrmaga — geljege ak ýol
Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler täze tapgyrlarda dowam etdirilýär. Muňa Arkadagly Serdarly ajaýyp zamanamyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
Ynsanyň iýmitlenmeginde, dem almagynda, suwsuzlygyny gandyrmagynda, pasyllara görä howa uýgunlaşmagynda tebigatyň ornunyň näderejede uludygy hemmä mälimdir. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär.
Sürüjileriň bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy netijesinde, gysga wagtyň içinde awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwrüň ösen ulaglar pudagyny kemala getirmek de hem-de onuň esasyny goýmakda, öz halkyny eşretli, bagtyýar ýaşatmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz bimöçber işleri amala aşyrdy.
TALYPLAR TANYŞDYRYLYŞ GÖÇME TEJRIBE OKUW SAPAGYNY GEÇDILER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gujagynda dogan her gün täze zähmet üstünliklerini buşlaýar, halkymyz ýagşy umytlar bilen röwşen geljege ynamly gadam urýar. Bagtyýarlyk bilen batlanýan, berkararlyk bilen beýgelýän mähriban Diýarymyzda, ýaşlara döwrebap bilim almak, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin giň şertler döredilýär.
DEMIR ÝOL ULAGYNDA TEBIGY GAZY ULANMAKLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güller açýan eziz Diýarymyz ähli ugurlar bilen bir hatarda ulag ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde şol mümkinçilikden has doly we netijeli peýdalanyp, goňşy döwletler bilen özara we sebit bähbitli köp taraplaýyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýulýar.
TÜRKMEN – EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRY
Mälim bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 14-15-nji iýuny günleri hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Iki dostlukly goňşy döwletleriň arasynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, şeýle-de iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýeti döredilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.