Habarlar
Habarlar
«Hakyda göwheri» - milli buýsanjyň gözbaşy
Gahryman Arkadagymyzyň maddy we ruhy medeni mirasymyzyň, ynsanperwer hem döwletlilik gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyna we giň mazmunly edebi-çeper beýanyna öwrülen «Hakyda göwheri» atly täze kitaby türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent buýsanjynyň çeper beýany bolup durýar.
Türkmenistan we BAE port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Daşoguzda ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy jemleýji tapgyrda alnyp barylýar
Daşoguz şäherinde gurulýan täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri jemleýji tapgyra gadam basýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň sahypalarynda habar berilýär.
Türkmenistan daşary ýurtlaryň awtoulaglarynyň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberine üýtgetmeler girizer
Türkmenistan «Türkmenistanyň gümrük serhedinde döwlet edaralarynyň işini tertipleşdirmek we daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakynda» Karara üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi.
«Hakyda göwheri» - döwletimiziň beýik taryhyna syýahat
Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.
ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM
SANLY MAGLUMAT WE DOLANDYRYŞ ULGAMY
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, bilime sanly dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.
Özbegistan bilen Eýran Türkmenistanyň üstünden awtoulag ýük gatnawyny dikelder
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy.
«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň baplarynyň atlaryny okanyňda-da, bölümleri bilen tanyş bolanyňda-da, özüňe uly syýahatyň garaşýandygyna göz ýetirýärsiň.
Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 53,4 göterim ýokarlandy
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda 53,4 göterim ýokarlandy. Bu barada “China Daily” gazeti Hytaý gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.