Habarlar
Habarlar

Arkadag şäheri – täze eýýamyň ýalkymy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly taryhy wakalar bilen gurşalýar. “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda - gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. durýar.

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şuglasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Köpetdagyň gözel künjeginde täze, döwrebap şäher — Arkadag şäheri kemala gelýär. Bu şäheriň aýratynlyklary, onda döredilýän şertler dogrusynda entek kän-kän söhbet ediler. Onda halkymyzyň köňül islegi öz beýanyny tapdy. Çünki bu şäher döwrümiziň Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, hemişelik üns-aladasynyň ajaýyp miwesidir.

Arkadag şäheri — şöhratly döwrüň dowamaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli alnyp barylýan döwletli işleriň gerimi barha artýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan belent binalary görenimizde hem ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň şaýady bolýarys.

TÄZE DÖWÜR, TÄZE MAKSATLAR
Her bir güni taryhy wakalara beslenýän "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ýokary guramaçylykly we uly ruhubelentlik bilen geçirilmegi ýurdumyzda jebisligiň, agzybirligiň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Bu döwletli maslahatda kabul edilen taryhy çözgütler watandaşlarymyzyň ýüregini buýsanç duýgularyna gaplady.

TÄZE DÖWÜR – KÄMIL ÝAŞLAR
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ hem barha dabaralanmagy biziñ döwrümize, ýaş nesillerimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylymda, bilimde, sungatda, ylmy özüne siňdiren önümçilik ugurlarynda hem ýaşlaryň hünärine ussat bolmagyny gazanmak üçin gerek bolan şertler döredilýär.

Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar
Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň täze hil derejesi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini, şol sanda onuň halkara derejesindäki artýan işjeňligini baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda çalt depginler bilen özgerýän, dünýäniň çagyryşlaryna mynasyp jogap bolup durýan anyk ädimler arkaly utgaşdyrylýandygy bilen şertlendirilýär.

Berkarar döwletiň bagt şäheri ― Arkadag!
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowamatyny tapýan beýik işler dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň ykrarnamasydyr.

Bagtyýar durmuşyň bagt mukamy
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna ajaýyp döredijilik sowgady bolan «Ýaşlara gutlag» atly aýdyma bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar bagtyýar ýaşlygyň, ajaýyp döwrümiziň, şanly ýylymyzyň belent waspy bolup ýaňlandy.

SANLY BILIM — DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.