Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
В Ашхабаде состоялось совещание по развитию транспортного коридора «Север-Юг»
В Ашхабаде состоялась встреча представителей АО «РЖД Логистика», ОАО «РЖД» и Туркменских железных дорог. В ходе встречи рассмотрены механизмы двустороннего сотрудничества для улучшения условий перевозки грузов по восточной ветке международного транспортного коридора «Север-Юг», сообщается на сайте «РЖД Логистика».
FIZIKA DERSINI OKUWÇYLARA ÖWRETMEGIŇ USULLARY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň nyrhlaryny üýtgedýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara ugurlara howa petekleriň bahasyny üýtgetdi. Bu barada «Turkmenportala» Howa gatnawlarynyň baş gullugy habar berdi. Bu barada “Türkmenportal” saýtynda habar berilýär.
Özbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýüküň daşalyşyny iki esse artdyrdy
Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň kompaniýalary ulag-üstaşyr geçiriş hyzmatlary boýunça Ähtnama baglaşdylar
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Russiýanyň «RŽD Logistika» we Gazagystanyň «KTZ Express» kompaniýalary tarapyndan bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk agentligi infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär
Türkmenistanyň Ulag we aragatnaşyk toplumynda infrastruktura we jemgyýetçilik taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol sanda, Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angar toplumy gurulýar, Jebelde täze howa menziliniň we Serhetabat-Turgundi türkmen-owgan demir ýol şahasynda demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär.
Bakuda Demirgazyk we Merkezi Aziýa demir ýollarynyň sanly transformasiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar
Bakuda BMG-nyň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) bilen BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň (UNESCAP) bilelikdäki nobatdaky mejlisi geçirilýär, ol Demirgazyk we Merkezi Aziýa sebitinde demirýollaryň sanly transformasiýasyny çaltlaşdyrmaga bagyşlanandyr.
«Sanly çözgüt - 2022» atly innowasion taslamalary bäsleşigi täze sanly çözgütleri ýüze çykarýar
«Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalar bäsleşigi, eýýäm däp bolşy ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we täze intellektual pikirleri ýurdumyzyň önümçiligine ornaşdyrmak maksady bilen her ýylda geçirilýär.
Daşary ýurt awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistana girmäge rugsat berildi
"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 7-nji noýabryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen Türkmenistanyň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.