Habarlar
Habarlar
«Huseýn Jawid» ýük gämisi Azerbaýjandan Türkmenistana ýüzüşe ugradyldy
Degişli bejeriş işleri tamamlanyp, gämi barlaglaryndan üstünlikli geçirilen «Huseýn Jawid» ýük gämisi gaýtadan işe girizildi hem-de Türkmenistana tarap ýüzüşe ugradyldy. Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan ýük gämisiniň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini abatlamak işleriniň «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirilendigi barada ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň özbaşdak Milli sanly tory dörediler
Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
DIL ÖWRENMEKDE DÖWREBAP USULLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar.
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistana göni Stambul — Aşgabat ugry boýunça we yzyna yzygiderli gatnawlary amala aşyryp başlady.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ DERWAÝYSLYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi barha belende galýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin biletleriň bahasyny arzanlatdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – MÖHÜM ÖSÜŞLERE BADALGA
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen sporty dünýäde uly üstünlikler gazanýar.
Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.
MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI – KÄMILLIGIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr.
Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň hökümeti Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmek üçin meýilnamalary taýýarlady diýip, Pakistanyň “Profit” žurnaly çarşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.