Habarlar
Habarlar
Ýolagçy otly gatnawlarynyň täze tertibi
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otlularynyň täze gatnaw tertibini çap etdi. Bu barada orient.tm neşiri ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlaglary
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny hem-de Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
GURLUŞYK ULGAMYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ
Halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda peýdalanýan binalardyr desgalary, ýollardyr ulaglary — bularyň ählisi gurluşyk ulgamynyň işini emele getirýär. Şu günki ajaýyp döwrümize çenli ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, täze demir we awtomobil ýollary, köprüler, elektrik stansiýalarydyr beketleri, suw süýjediji desgalar, däne saklaýjy we gaýtadan işleýji elewatorlar, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly, binalardyr desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.
«Hakyda göwheri» — millilige ýugrulan gollanma
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň sowgat berilmegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleri ulag we energetika hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
“Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär" diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
Bitaraplygymyza buýsanýarys
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ilkinji hem-de ýeke-täk Bitarap döwletdir. Halkymyz döwletimiziň ýeten bu abraýly halkara derejesini gözüniň göreji deý ezizleýär. Döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de berkitmek üçin Arkadagly Serdarymyzyň daşyna jebis bolup, ajaýyp ýyllarymyzy yhlasly halal zähmet üstünliklerine besleýär.
«Hakyda göwheri» — ýaşlaryň kämil mekdebi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär.
Türkmenistana Russiýadan bäş sany teplowoz gelip gowuşdy
Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň (BMZ) (demirýol ulaglary üçin iň iri tehnikany öndürýän “Transmashholding” paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegi) önümi bolan bäş sany teplowoz Türkmenistana geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.