Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
14-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Ulag ulgamynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşdylar
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
«Türkmen Logistika» we Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň Assosiasiýasy Ähtnama baglaşdylar
«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalary Assosiasiýasy bilen özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi. Gol çekişlik «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler
Ýakyn iki ýylyň dowamynda Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu barada Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanyp, «Interfaks» habar berýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar
Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň günorta ugry boýunça yzygiderli ösüş bellige alyndy. Eger 2021-nji ýylda onuň üstünden 700 tonna ýük daşalan bolsa, 2022-nji ýylyň 11 aýynda Eýran, Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlary bilen gatnawda 62 müň tonna golaý we 220 konteýnerler daşaldy.
Çaga eziz edebi ondan hem eziz
Maşgala däpleriniň agzybirligi saklamakdaky ähmiýeti bimöçberdir. Çaga terbiýesini heniz olar kiçi ýaşlaryndaka ýola goýmagymyz gerek. Adam islendik ýaşda bolsa-da, hemişe yssy mähre mätäç. Heniz körpeligine garamazdan, her bir çaga aýratyn bir şahsyýetdir
Energetika kuwwatlyklarymyz
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika toplumy yzygiderli ösýär. Şeýlelikde, energiýa önümleri ýurdumyzyň zerurlyklaryny doly ödemek bilen birlikde energiýanyň daşary döwletlere eksportunyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Durmuşa geçirilýän işler netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.