Habarlar
Habarlar
Halkara howa gatnawlaryň petekleriniň bahasy ep-esli arzanlar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, türkmen raýatlary üçin birnäçe halkara gatnawlaryň petekleriniň bahasyny 30% arzanladar. Bu barada «Orient» habar berdi.
Täze ýyla bagyşlanan çäre
2022-nji ýylyň 17-ni dekabrynda Täze ýyl baýramy mynasybetli “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Çarlak” myhmanhanasynyň uly zalynda Agentligiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeş arkalaşyklarynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň, Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi.
Ulag we kommunikasiýa ulgamynyň geljegi
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy barha ösýän we giňeýän ulgamdyr. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan bu işler ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerinii ygtybarlandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär» diýip belleýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.
Türkmenistanyň üsti bilen halkara ýük otlulary Ýewropa bazaryna çykýar
Özbegistan Orta üstaşyr geçelgesi (Hazar deňziniň üsti bilen halkara ulag ugry) arkaly Ýewropa ilkinji ýükli konteýnerlerini ugratdy. Bu barada duşenbe güni Podborno.uz saýty habar berdi.
Türkmenistanda şu ýylyň 11 aýynda konteýner ýük daşamalary 41% ýokarlandy
Türkmenistanyň halkara ýük dolanyşygynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda konteýnerli ýük daşamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.
Ýewropa ýük daşajak otly Türkmenistanyň çäginden geçer
16-njy dekabrda Türkmenistanyň çäginden geçip, Merkezi ulag geçelgesi boýunça Ýewropa ýük daşaýan otly gatnawynyň ilkinji konteýner otlusy Özbegistandan ugrady. Bu barada «Uztemirýolkonteýner» habar berdi.
Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi. IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we MKT bilen gyzyklanýanlar ählisi üçin niýetlenendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.