Habarlar
Habarlar
164fe99d840a6c.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

164ffe79342ae7.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.

164fe960bad6b3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

164ffe552e8641.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

164fe92c87f72a.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

164fe939921b5d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.

164fe97f2bdc5c.jpeg
2 ýyl ozal
Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy

Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder.

164faae3b30f0b.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär

Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

164faa95363298.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi.

164faa280c5c9a.jpeg
2 ýyl ozal
2023-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurtlarda şu ýylyň awgustynda geçirilen köpugurly çäreler, dürli derejedäki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.