Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň GDA-nyň kanuny we beýleki edaralaryndaky ygtyýarlandyrylan wekili Belorusdaky awtoulag gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň ulaglary müňlerçe tonna bugdaý hasylyny daşaýarlar
Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri artýar
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag we logistika geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi — diýip, dostlukly ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugy ýazýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Türkmenistana dokuz sany ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestine şenbe güni dokuz sany ýokary kuwwatly ýöriteleşdirilen ýük göteriji ulaglar gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.
Halkymyzyň saglygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
«Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Eýrandan ýurdumyza ulaglar arkaly importy 103% ýokarlandy
Eýrandan şu ýylyň birinji çärýeginde (Eýran senenamasyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli döwür) Türkmenistana ýurduň Horasan Razawi welaýatyndaky Lotfabad serhet geçelgesinden daşalan nebit däl harytlaryň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103 göterim ýokarlandy. Bu barada Lotfabad serhet geçelgesiniň başlygy Gurban Karriminiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.
Azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi — Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesi
Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, oba hojalyk işleriniň barşy we bu ugra degişli beýleki meseleler Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň, iş maslahatlarynyň gün tertibine girizilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.