Habarlar
Habarlar
Türkmenistan ulag geçelgeleri arkaly sebitara gatnaşyklary berkitmäge gatnaşýar
Golaýda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) demir ýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow ýolbaşçylyk etdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda aragatnaşyk pudagyny özgertmek babaynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň we degişli wekilleriniň hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýetiň gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda duşuşyk geçirildi.
3 aýlyk uçarbeletlik okuwlara resminamalar kabul edilýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý bolan uçarbeletleriň başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
«Gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Ýokary hyzmat ülňüleri, tejribesi we guramaçylykly ýola goýlan logistika ulgamy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna gysga möhletde, hatda Türkmenistanyň iň uzak we barmasy kyn ýerlerine-de gymmatly bukjalary we möhüm ýollamalary alyjylara ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.
Baýramalyda, Balkanabatda, Kakada we Bäherdende demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar
Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.