Habarlar
Habarlar
Il saglygy — ýurt baýlygy
Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzda bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Sagdynlyk ýörelgesi — sahawatyň seresi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilip, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Çünki ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmeklerini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi.
Sagdyn durmuş – bagtyýar ýaşaýyş
Sagdyn durmuş adamyň bagtyýar ýaşaýşynyň özenidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy dünýä tejribesi esasynda ilatyň saglygyny goramakda düýpli özgertmelere badalga berdi.
Sagdyn jemgyýet - bagtyýar durmuş
Saglygy goraýyş ulgamynda ýurduň esasy resminamasy bolup durýan “Saglyk” Milli maksatnamasy ilatyň saglygyny goramagy durmuş ykdysady ösüşiň, abadançylygy gazanmagyň, ömrüň ortaça uzaklygyny we ýurdyň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň esasy maksady hökmünde kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde wezipäniň amala aşmagy durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmäge, durmuş ösüşine we durmuş adalatlylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.
«Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar»
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda halkyň saglygynyň goraglylygyny dowamly üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlan gününden bäri geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we bilimini ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda belent sepgitlere ýetildi.
Sagdyn durmuşyň ýörelgeleri
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurt Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýşy ylmy esasda guramaga uly ähmiýet berýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudagy
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ilatyň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu möhüm meselä hormatly Prezidentimiz ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşlere beslendi. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezlerinde keselleri anyklamak we ýokary derejede bejermek işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi barha giňden ornaşýar.
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk
Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Saglyk – ömrümiziň soltany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy.
Sagdyn iýmitleniň, sagdyn boluň!
Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmek gerek. Şol sebäpden adamlara dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitler möhüm bolup durýar. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.