Habarlar
Habarlar
Türkmen Bitaraplygy – döwrüň parahatçylyk taglymaty
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen utgaşmagy ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetlidir. Sebäbi geçen 30 ýylyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda baý tejribe toplap, ylalaşygyň we dostlugyň merkezine öwrüldi.
Bitaraplyk ýörelgesi – abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Hemişelik Bitaraplygy — bagtyýarlygymyzyň taglymaty
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.
Hemişelik Bitaraplygymyz — baky bagtymyz
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösýär we özgerýär, täze üstünlikler bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgesi, parahatçylyk söýüjilik ýoly dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Bitaraplyk — beýik başlangyçlara badalga
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly»
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz diňe bir ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini kesgitlemän, eýsem, tutuş sebitde durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem ýardam berýän özboluşly ýörelgedir.
Bitaraplyk — türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik häsiýetiniň beýany
Ata Watanymyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň serweri. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň goşa ganaty.
Bitaraplyk — halklaryň arasyndaky dostlugyň binýady
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basan ilkinji günlerimizden başlap, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň esaslary
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli asylly ýörelgesi bar. Bu asylly ýörelgeler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäde dabaralanýar. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilmegi hem tassyklaýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda bellenilýän her bir şanly senäni ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak däbe öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.