Habarlar
Habarlar
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy.
Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň toplumynda oturdylan wideo gözegçilik ulgamyny hemişe işjeň ýagdaýda saklamak we olara ygtyýarly hünärmenler tarapyndan wagtly-wagtynda tehniki hyzmatlary bermek üçin ýerine ýetirijini saýlamak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
15-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Türkmendemirýollary» agentliginde halkara derejeli okuw maslahaty geçirildi
2025-nji - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mart aýynyň 13-14 ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndanky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPECA) çäklerinde 19-njy halkara okuw maslahaty geçirildi.
Ulag-aragatnaşyk pudagynda geçen iki aýda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.
Gruziýa Orta geçelge ady bilen belli Hazarüsti halkara ulag ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Kobahidze Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow bilen geçiren duşuşygynda bu ugruň wajyplygy barada nygtap geçdi. Ol Gruziýanyň strategiki ýerleşişe eýe bolmak bilen, taryhyň dowamynda Ýewropany we Aziýany, Günbatary we Gündogary baglaşdyryp gelýändigi barada aýtdy.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy
12-nji martda Stambul şäherinde ýerleşýän Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda guramanyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.