Habarlar
Habarlar
Türkmen Bitaraplygynyň oňyn ýörelgesi bütin dünýä äşgär
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çärelere beslenip, parahatçylyk söýüjilik taglymaty, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek ugrundaky tagallalary dünýä ýaýýar. Türkmenistan BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen, Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk derejesi esasynda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürýär.
Bitarap Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar
Şu gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen sazlaşykly gabat gelýär. Şeýle-de bu şanly sene mynasybetli döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda dabaralaryň we çäreleriň üstünliklere beslenýändigini bellemek gerek.
BILIM – KUWWATLY GELJEGIŇ BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa kämil we bilimli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyna 30 ýyl dolýar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitleri
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki döwürde halkymyz ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilip, adamyň saglygyny berkitmek, onuň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatdaky işler netijeli häsiýete eýe bolýar.
Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň özeni
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň maksatly işler netije berýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Munuň özi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bitaraplyk – asylly ýörelgeleriň dabaralanmasy
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi, sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň dabaralanmasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylygyň kepili
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda wakalar, gelip gowuşýan hoş habarlar munuň aýdyň mysalydyr.
Parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan türkmen Bitaraplygy
Ata Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dabaraly toýlanyljak günleri barha ýakynlaşýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäniň ençeme ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen parahatçylyga we ynsanperwerlige esaslanýan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar.
«Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna»
Dünýäniň ähli halklaryny jebisleşdirýän, ynanyşmaklyga we hoşniýetlilige çagyrýan iň möhüm gymmatlyklaryň biri parahatçylykdyr. Şonuň üçin hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Bitaraplyk — durnukly ösüşiň we hyzmatdaşlygyň gözbaşy
Halkara abraýy günsaýyn belende göterilýän Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň kepilidir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol türkmen diplomatiýasynyň umumadamzat bähbitlerine, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply işleriniň özboluşly ykrarnamasydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.