Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
16289edb60ad11.jpeg
3 ýyl ozal
Sungatda paýtagtymyz Aşgabadyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, bu günki gün ata Watanymyz dünýäde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mermer paýtagty Aşgabady dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birine öwürmek maksady bilen  durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde Aşgabadyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi.

162828dc49c38c.jpeg
3 ýyl ozal
Ylym öwrenmek sungaty

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly nusgalyk kitabynda: “Ylymly adam bolmak il-ulsuň öňündäki borçlulykdyr” diýen dürdäne setirlere gabat gelýäris. Ylym öwrenmek hem özboluşly ajaýyp bir sungatdyr. Häzirki döwrümizde türkmen halkynyň “Sallançakdan başlap ömrüň ahyryna çenli ylym öwrenmeklik” ýörelgesi global derejede öňe sürülýär. Öwrenmegiň şahsy aýratynlyklara laýyklykda dürli görnüşleri bar. Olary umumylykda aşakdaky ýaly toparlara bölmek mümkin:

3 ýyl ozal
Energiýa gorlaryna baý ýurdumyz

    Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde energiýa serişdelerini uly möçberde öndüriji we eksport ediji döwletleriň hatarynda öz ornuny barha berkidýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda belli bir derejede işleriň edilendigini bellemek bilen, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly işleriň depginlerini ýokarlandyrmak barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

1628246257e3f9.jpeg
3 ýyl ozal
SYLAGLARYŇYZ GUTLY BOLSUN, GAHRYMAN ARKADAGYMYZ!

Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Alym Arkadagymyzyň başlykly etmegi halkara forumyň abraýyny barha artdyrdy. Ozal habar berlişi ýaly, halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. 

16281eb0f177e1.jpeg
3 ýyl ozal
AJAP EÝÝAMYŇ GOŞA GANATY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, kanunlaryň zamanabap talaplara laýyk gelmegini gazanmak, milli kanunçylyk binýadymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kada-kanunlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda alyp barýan işleri garaşylýan oňyn netijelerini berýär. Bu bolsa öz nobatynda halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan ynamyny artdyryp, söýgüsini goşalandyrýar.

3 ýyl ozal
Ajaýyp eýýamyň ösüşleri

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri mynasyp dowam etdirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze basgançaklaryna çykarmakda toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär. Şu nukdaýnazardan bu eýýamyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýlip atlandyrylandygy durmuş kanunalaýyklygydyr.

3 ýyl ozal
Ýol-ulag ulgamynyň ösüşleri

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ulag-ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýol-ulag infrastrukturasynyň ösmegi, ozaly bilen, ýurdumyzyň logistika syýasatynyň giňden dabaralanmagyna ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen topragyna, türkmen jemgyýetine täze-täze halkara howa menzilleri, awtoulag terminallaryny, täze demir ýol şahalaryny, demir ýol beketlerini bagyş etdi.

3 ýyl ozal
Nebitgaz pudagynyň ösüşleri

   Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda esasy baýlyklaryň biri bolan energiýa serişdeleriniň öndürilişi we eksporty barha artýar. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça gaz we bug turbinaly elektrik energiýasyny öndürýän beketler, podstansiýalar gurulýar. Şeýle hem öňden işläp gelýän elektrik beketleri utgaşykly dolanyşyga geçirmek babatda işler alnyp barylýar. 

16263ea86af088.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMEN GÖWNI BEDEWDEDIR

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän atçylyk pudagy barha ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe at üstündäki oýunlar hem sportuň pajarlap ösýan görnüşleriniň birine öwrüldi. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, şowly günde baş ýoldaşy bolan behişdi bedewlerimizdir.

162648ec1619d5.jpeg
3 ýyl ozal
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÄHLIUMUMY DERWAÝYS MESELE

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam edýär. 22-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.