Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

MILLI ULAG ULGAMYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alyp barýan tutumly işleri mähriban halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Türkmenistan Watanymyz ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün etmek işleri amala aşyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň 17-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Paýtagtymyzda täze awtobus gatnawy işe başlar
2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan başlap «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlaryň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze açylan 108-nji «Teke bazar – «Aşgabat» söwda merkezi» ugur boýunça gatnaýan awtobus öz işine başlar. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

Aşgabatda käbir awtobus ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýär
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” hem-de 17-nji «Awtokombinat – Awtomenzil» ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryna üýtgeşmeler girizilýändigini habar berdi.

ÝURDUMYZYŇ ULAG-ÜSTAŞYR KUWWATLYGY
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ulag-üstaşyr kuwwatlyklary dünýä nusgalyk derejede ösdürilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde iri ulag-logistika merkezine öwrülmek ýolunda ynamly binýat bolup hyzmat edýär.

DÖWRE MYNASYP HÜNÄRMENLER
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň bilim we ylym binýady barha pugtalandyrylýar. Okuw, terbiýeçilik we ylym maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň binýadyna dünýäniň iň döwrebap tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim bermegiň we hünär öwretmegiň hil derejesini ýokarlandyrýar.

Türkmenistan we Bütindünýä söwda guramasy: ýurdumyzyň halkara ykdysady derejesine berilýän baha
Bütindünýä söwda guramasy — halkara ykdysady gurama bolmak bilen, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriniň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda syýasy gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi. Bütindünýä söwda guramasy 1947-nji ýylda döredilip 50 ýyla golaý wagtyň dowamynda halkara söwdany sazlamakda işleri alyp baran söwda we tarifler baradaky Baş ylalaşygy (GATT) guramasynyň ornuny çalyşan edaradyr.

Türkmenistanyň baş Täze ýyl arçasynyň baýramçylyk yşyklary ýakyldy
15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.

Poçta hyzmatlarynyň kanunçylyk binýady tehnologiýa döwri esasynda diwersifikasiýalaşdyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmeli» diýip beren anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, ýakynda «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kesgitleýän kanunçylyk namalary girizildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.