Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
163686f165289f.jpeg
3 ýyl ozal
Daşary ýurt awtoulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistana girmäge rugsat berildi

"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 7-nji noýabryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen Türkmenistanyň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.

16367e4e0c1067.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň esasy ulag kompaniýalary bolan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Gazagystanyň “KTZ Express” we “RŽD Logistika” kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler.

16367e4493b3a1.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlener

Aşgabatda 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilip, ol tehnologik kompaniýalar bilen birlikde, akademiki toparlaryň wekillerini, bazaryň bilermenlerini hem-de işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär.

16367e3f33ada1.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanda birnäçe ulag-infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşyklary dowam etdirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

16365cc13adf1f.jpeg
3 ýyl ozal
«Sanly çözgüt — 2022»: 240-dan gowrak taslama hödürlendi

4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde   Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemleriniň 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda guraljak Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlenjekdigini mälim etdi.

16365caa968f19.jpeg
3 ýyl ozal
Özbegistanda halkara ulag sergisinde AÝS-MA-Ýewropa ugry görkezildi

Daşkentde “Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2022” atly 18-nji Halkara sergisi geçirilýär. Sergide CASCA+ multimodal ulag geçelgesiniň ugry aýratyn stend hökmünde görkezildi.

16365c9d46f194.jpeg
3 ýyl ozal
Türkiýäniň awiakompaniýasy uçar gatnawlaryny artdyrýar

Türkiýäniň «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Türkmenistana adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy dekabr aýyndan başlap, hepdede 3 gezek Türkmenistana howa gatnawlaryny amala aşyrar.

163652da46ccca.jpeg
3 ýyl ozal
KERWENLER GEÇEN ÝOLDUR BU ÝOLLAR

Gadymy döwürlerde dünýä döwletlerini ruhy-medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly jebis birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ulag geçelgeleriniň sazlaşykly ulgamyny döretmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Geçen ýyllaryň içinde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilen taryhy taslamalar nusgalykdyr

1636479feca2b8.jpeg
3 ýyl ozal
RAÝAT AWIASIÝASYNYŇ HALKARA GATNAWLARYNYŇ GERIMI GIŇEÝÄR

Dubaý halkara howa menziliniň (BAE) resmi web sahypasynda 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan güýje girýän Türkmenistana täzelenen uçuş tertibi yglan edildi.

163647abe65cd8.jpeg
3 ýyl ozal
Daşary ýurt we türkmen awtoulag sürüjileriniň dykgatyna

Bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, 2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan, Artyk, Sarahs, Garabogaz, Altyn asyr, Daşoguz, Köneürgenç, Farap, Ymamnazar we Serhetabat awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerlerinden daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen ýurdumyzyň çägine gelmeklerine, gitmeklerine hem-de üstaşyr geçmeklerine rugsat berildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.