Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
161c67fbe4d584.jpeg
3 ýyl ozal
Halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri artdyrylar

Hormatly Prezidentimiziň düýn geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň daşary ýurtlarda wekilhanalaryny açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

161c6216dd7bee.jpeg
3 ýyl ozal
Täze ýyl baýramynda şäher awtobuslary mugt bolar

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli käbir guramaçylyk meselelerine-de seredildi.

161c7018b7eedc.jpeg
3 ýyl ozal
DÖWREBAP HÜNÄRMENLER — AÝDYŇ GELJEGIMIZ

Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli hünärmenler taýýarlanýar. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde institutymyzda  dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini, ýaşlaryň döwrebap bilim alýandygyny aýratyn bellemelidiris.

161c703cd7c241.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMENISTANYŇ MILLI RAÝAT AWIASIÝA DÜZÜMI ÜÇIN DÖWREBAP HÜNÄRMENLER TAÝÝARLANYLÝAR

Islendik pudagy okgunly ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, onuň hünärmen üpjünçiligini gazanmak gerek. Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. 

161c95d9c11bd0.jpeg
3 ýyl ozal
Ykdysadyýeti sanlaşdyrmakda häzirki zaman usullar

Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belentliklere götermekde, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, hususan-da bazar gatnaşyklary şertlerinde halkara söwda dolanyşygynyň subýektleriniň arabaglanyşygynyň  giňeýän döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.

161c62075a48bc.jpeg
3 ýyl ozal
Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus gatnawyny ýola goýdy.

161c362896de07.png
3 ýyl ozal
ÜSTÜNLIKLERE BESLENEN ÝYL

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan beýik ösüşlere, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent maksatly işlere ser salanyňda, ýürekler buýsanýar, göwünler galkynyp, dünýäňe bagtyýarlyk çaýylýar. Asmanyň arassa howasy ýaly ajaýyp pursatlar hem ýyldyrym çaltlygynda geçip, şol ýakymly pursatlar halkymyzyň hakydasynda müdimilik galýar.

161c0caa7d5cd5.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada geçirildi

Şahsy we toparlaýyn geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 ýeňiji we 20 talyp baýrakly orunlara mynasyp boldular.

161c0c85df1d26.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmen gämi gurluşyk taslamasy maliýeleşdiriler

OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) Türkmenistanda “Deňiz söwda floty” taslamasy üçin 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesini bölüp berer.

161c0c5757a171.jpeg
3 ýyl ozal
KAMAZ Türkmenistana elektrik awtobuslary ibermegi meýilleşdirýär

Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglarynyň öndürijisi KAMAZ 2022-nji ýylda Türkmenistana synag üçin elektrik awtobuslary ugratmak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada kompaniýanyň direktory Sergeý Kogoginiň aýdanlaryna salgylanyp, “Tatar-inform” habarlar agentligi anna güni mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.