Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1638e4e6ec0857.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy ulag boýunça bilelikdäki topary döreder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew ulag, üstaşyr we logistika boýunça türkmen-russiýa bilelikdäki topary döretmek we onuň türkmen bölegini guramak meýilnamalary barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

1638e4e148fceb.jpeg
2 ýyl ozal
Türkiýeden Özbegistana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

40 wagondan ybarat ýük otlusy Türkiýäniň, Eýranyň we Türkmenistanyň çäginden geçip, Özbegistana geldi diýip, Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär. Habarda wagonlara hojalyk enjamlarynyň (sowadyjy enjamlar) ýüklenendigi aýdylýar.

1638e37ad2dcd8.jpeg
2 ýyl ozal
«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PCR test synaglaryny ýatyrdy

Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PCR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

1638d584d73355.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan halkara gatnawlarynda Konteýner otlulary hakynda ylalaşyga goşular

Türkmenistan halkara gatnawlarynda konteýnerli otlularyň düzüminde konteýnerleri daşamak hakynda ylalaşyga goşulmagy maksat edinýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni  hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

1638d57e2b3064.jpeg
2 ýyl ozal
Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.

1638ac752714f6.png
2 ýyl ozal
RŽD Gazagystandan we Türkmenistandan geçýän konteýner daşamalaryna 20% arzanladyş girizer

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlylarynyň sanynyň aýda 17-ä çenli köpeldilmegine garaşylýar.

1638ac82135024.jpeg
2 ýyl ozal
AŞTU müşderiler üçin goşmaça amatlyklary girizýär

Indi müşderiler özleriniň öýjükli telefonlary arkaly 0787 belgä öý telefon belgisini görkezip SMS habaryny ýollamak arkaly, bu ýaşaýyş salgyda ulanylýan simli telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlarynyň online ýagdaýyndaky hasaplaryny anyklap bilýärler.

163862e217f4e4.jpeg
2 ýyl ozal
Milli ykdysadyýetimizde sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan ybaratdyr.

1638ac6755fdb1.jpeg
2 ýyl ozal
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhnamalar giriziler

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan amala aşyrylýan demir ýol ýük daşamalary üçin 2023-nji ýyldan başlap ýeňillikli nyrhnamalar giriziler. Bu barada Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Sergeý Pawlowyň TRANSTEC halkara ulag forumynyň umumy mejlisinde aýdanlaryna salgylanyp, TASS agentligi sişenbe güni habar berdi.

1638ab72de7508.jpeg
2 ýyl ozal
Rumyniýanyň Daşary işler ministri Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça ýük daşamak baradaky gepleşikleri makullady

1-nji dekabrda Polşanyň Lodzi şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň DIMG-niň mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen bolan duşuşygyň dowamynda Gara deňiz - Hazar deňzi ugry boýunça halkara ýük ulag ugruny döretmek we ulanmak baradaky ylalaşygyň baglaşylmagy babatda 8-nji noýabrda Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda gepleşikleriň başlanmagyny makullady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.