Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1639fccfc7ccab.jpeg
2 ýyl ozal
Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi.  IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we MKT bilen gyzyklanýanlar ählisi üçin niýetlenendir.

1639f77db27826.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen kompaniýalary Alýat erkin ykdysady zolagyndan peýdalanmaga çagyrylýar

Geçen ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan kenarynda Alýat erkin ykdysady zolagynyň düýbi tutuldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Awazada bolan üçtaraplaýyn sammitiň dowamynda bu erkin ykdysady zolagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga Türkmenistanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryny çagyrdy diýip, report.az habar berýär.

1639f76e5c30a2.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda hyzmatlaryň ösüş depgini artýar

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

1639fce2f9e96d.jpeg
2 ýyl ozal
«Turkish Airlines» Türkmenistana gatnawlarynyň sanyny artdyrar

«Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrar diýip, «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär.

1639f76443d213.jpeg
2 ýyl ozal
Şu ýylyň 10 aýynda türkmen-gyrgyz ýük dolanyşygy 179% artdy

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 76 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 179 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti penşenbe güni çap eden hasabatynda mälim etdi.

1639cc5b752edc.jpeg
2 ýyl ozal
Awazada Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Türkiýe gepleşikleri geçirildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň degişli ulgamlarynyň ýolbaşçylary dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1639cc2cd1ce95.jpeg
2 ýyl ozal
Ulag ulgamynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşdylar

2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

1639cc3f69f193.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmen Logistika» we Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň Assosiasiýasy Ähtnama baglaşdylar

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy Azerbaýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalary Assosiasiýasy bilen özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi. Gol çekişlik «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

1639bdb5bc8c58.jpeg
2 ýyl ozal
Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler

Ýakyn iki ýylyň dowamynda Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu barada Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanyp, «Interfaks» habar berýär.

1639bda08a0fcf.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň günorta ugry boýunça yzygiderli ösüş bellige alyndy. Eger 2021-nji ýylda onuň üstünden 700 tonna ýük daşalan bolsa, 2022-nji ýylyň 11 aýynda Eýran, Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlary bilen gatnawda 62 müň tonna golaý we 220 konteýnerler daşaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.