Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

«Turkmentelekom» saýtlaryň täze hostinginden peýdalanmagy teklip edýär
«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.

ABŞ-da geçiriljek maslahatda Hazarüsti ulag ugrunyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
ABŞ-nyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda merkezinde geçiriljek «Ortaky geçelge: deňiz portlary we uçarly ýük daşamalary arkaly ykdysadyýeti birleşdirmek» atly halkara maslahatynda Hazarüsti halkara ulag ugruny işjeňleşdirmegiň we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda awtoulag ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda awtoulag ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, «Trend» ýazýar.

Türkmenistan we Russiýa öz aralarynda demir ýol edaralarynyň wekilhanalaryny açar
“Türkmendemirýollary”-nyň wekilhanasy Russiýada, “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” kompaniýasynyň edarasy bolsa Türkmenistanda açylar. Bu baradaky ylalaşyk Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy diýlip, RŽD-niň metbugat gullygy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.

ROWAÇLANDYRYJY WE HEREKETLENDIRIJI GÜÝÇ
Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär.

«Huseýn Jawid» ýük gämisi Azerbaýjandan Türkmenistana ýüzüşe ugradyldy
Degişli bejeriş işleri tamamlanyp, gämi barlaglaryndan üstünlikli geçirilen «Huseýn Jawid» ýük gämisi gaýtadan işe girizildi hem-de Türkmenistana tarap ýüzüşe ugradyldy. Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan ýük gämisiniň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini abatlamak işleriniň «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirilendigi barada ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň özbaşdak Milli sanly tory dörediler
Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistana göni Stambul — Aşgabat ugry boýunça we yzyna yzygiderli gatnawlary amala aşyryp başlady.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlar üçin biletleriň bahasyny arzanlatdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy amala aşyrýan halkara uçar gatnawlarynyň biletleriniň bahasyny arzanlatdy. Indi halkara gatnawlaryň awiabiletleriniň bahasynda 2,5 göterim arzanladyldy.

Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.