Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça nyrhnamalar
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzda demirýol gatnawlarynyň operatory bolup «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça gatnadylýan ýükleriň möçberini her geçen gün artdyrmaga dowam edýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgatlar gowşuryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar gününe bagyşlan çäre geçirildi.
«Demirgazyk – Günorta» taslamasyna täzeçe itergi berler
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) peýda bolmagy we Demirgazyk deňiz ýolunyň giňemegi Ýewraziýada ýük daşamalarynda täze özgertmeleri aňladýar hem-de Sues kanaly ýaly adaty deňiz ýollaryna täsirli alternatiwany hödürleýär.
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy
"Türkmenhowaýollary" agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň sany artdy. Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda “Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mähribanlygy, gözelligi, wepalylygy we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna uly hormat, sarpa goýulýar.
Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary
2024-nji ýylyň 5-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdylar.
“Çarlak” myhmanhanasynda baýramçylyk çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki Siz, bagtyýar zenanlar” ady bilen “Çarlak” myhmanhanasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle hem milli medeni gymmatlyklarymyz boýunça hem sergi guraldy.
Iri konteýner kompaniýalarynyň Ýewropanyň bazaryndaky orny
Ýewropa bazaryndaky iýmitlendiriji operatorlarda uly konteýner ugurlarynyň agdyklyk etmegi dowam edýär. Deňiz ýük daşaýjylarynyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny giňeltmek üçin has köp iýmitlendiriji we gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek bilen, Ýewropanyň bazaryna çykmak isleýädiklerini «Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «The Loadstar» habar berýär.
«Drewry WCI» konteýner indeksi: Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça nyrhlar her aý 20-25% aşak düşýär
Konteýner ugratmak üçin «Drewry WCI» tarapyndan hödürlenýän nyrhlaryň ortaça görkezijisi 40 metrlik konteýner üçin 3,5 müň dollar boldy. Şeýlelikde, Aziýa — Ýewropa ugurlaryndaky nyrhlar hepdäniň dowamynda FEU üçin 300 dollar töweregi arzanlady. Demirgazyk Ýewropanyň portlaryna uzaýan ugurlar üçin subindeks FEU üçin 4 müň dollardan hem aşak düşdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.