Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistan we Panama Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny maslahatlaşýar
14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatyny kabul etdi.
«Geljegiň logistikasy» atly maslahat geçiriler
4-nji aprelde Sankt-Peterburgda dabe öwrülen «Geljegiň logistikasy» atly maslahat guralar. Bu logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak boýunça professional hünärmenler üçin möhüm wakadyr. Çäre «Author Boutique Hotel» meýdançasynyň Wladimirskiý geçelgesiniň 9-njy jaýynda geçirilýär.
Apple Iphone-a emeli intellekti ornaşdyrmak isleýär
Şu maksat bilen, kompaniýa emeli intellektiň ýokary tizlikli tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda ýörüteleşen DarwinAI startapyny satyn aldy.
Aşgabadyň Halkara howa menzili tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar
Düýn geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri ýurdumyzda mart-aprel aýlarynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada gatnaşýarlar
Şu gün, 15-nji martda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýän sport çärelerine gatnaşdylar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen “Airbus” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy.
"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşik geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär galar” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Astrahanda «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly forum açylar
2024-nji ýylyň 23 — 25-nji aprelinde «Hazar sebitiniň ulag logistikasy 2024» atly III halkara forumy geçiriler. Ähmiýetli maksatnamany Astrahan oblastynyň senagat, söwda we energetika ministri Ilýa Aleksandrowiç Wolynskiý açar.
Türkmenistanyň çäginde pul geçirim hyzmaty «Türkmenpoçtanyň» ähli bölümlerinde elýeterli
Şu günki günde Türkmenistanyň raýatlary «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň golaýda ýerleşýän islendik bölümine baryp, ýurduň dürli ýerine pul serişdelerini tiz we ygtybarly iberip bilerler.
Ulag we aragatnaşyk türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biridir
Ulag we aragatnaşyk ugry golaýda Wenada Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stolda hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlarynyň hataryna goşuldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.