Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Özbegistan, Türkmenistan we Eýran halkara ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag geçelgesini guramak baradaky şertnama gol çekilmegini çaltlaşdyrmak meseleleri öwrenilýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

1-nji awgustdan «Älem TV» teleýaýlym bukjalarynyň bahasy arzanladylar
«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň «Älem TV» emeli hemra telewideniýe operatory 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, ýetirilýän teleýaýlymlaryň bukjalarynyň bahasynyň arzanladylýandygyny habar berýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlaryndaky «Türkmenistan» awiakompaniýalarynyň häzirki uçuş tertibi belli boldy.

Aşgabat — Arçman — Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi
«Arçman» şypahanasynda dynç alýanlar üçin has-da oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Aşgabat — Arçman — Aşgabat gündelik awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi.

Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «akylly» Arkadag şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Merkezi bank: «Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sanyny artdy»
2023-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýan 990 776 ulanyjy hasaba alyndy, munuň özi geçen iýun aýynyň başyndaky görkezijiden (983 717 ulanyjy) 0,7 göterim köpdür diýip, «Trend.az» Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berdi.

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Daşkentde «Türkmendemirýollary» we «Uzbekiston temir ýullari» edaralarynyň wekilleri duşuşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşdy diýip, «Podrobno.uz» habar berdi.

Türkmenistan we Özbegistan gümrükhanada öňünden habar berme babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Türkmenistan we Özbegistan gümrük edaralarynyň harytlar we ulag serişdeleri barada öňünden habardar edilmegi babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň TULM kompaniýasynyň, Eýranyň “Vision Global Terminal” kompaniýasynyň we Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy, Daşkent, Özbegistan (Surat: uzdaily.uz)

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.