Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Halkara awtoulaglar birleşiginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Eýranyň ýollarynyň geçirijiligine ýokary baha berdi
Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Gündogar - Günbatar ugrunyň Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerind egeçýän günorta şahasynyň geçirijilik mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

Paromlar arkaly 19 müňden gowrak ýük awtoulagy daşaldy
«Türkmendeňizderýaýollary» tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 119,9% ösüş gazanyldy we 2 287,7 million tonna ýetdi. Umuman degişli döwürde ýük daşamak boýunça Agentligiň meýilnamasy 122,3 % ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýa bilen baglanyşdyrar
Türkmenistanyň ýol-ulag düzümi Özbegistany Russiýanyň Hazar deňzindäki portlary bilen özara baglanyşdyrar. Şeýlelikde, Özbegistan Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesine birikmäge oňat mümkinçilik alar. Bu boýunça Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ulag ministrleri Witaliý Sawelýow we Ilhom Mahkamow degişli ylalaşyga geldiler diýip, Özbgegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär.

BILDIRIŞ
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berýär

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

Gruziýanyň awiakompaniýasynyň ýük uçary Türkmenabadyň howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy
13-nji oktýabrda iki ýurduň ilçihanalarynyň ýakyndan ýardam bermeginde, Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu barada HHM habar berdi.

«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda - tehnologiýa döwrüne emeli aň we täze IT çözgütlerini ornaşdyrmak meselelerine garaldy
2023-nji ýylyň 12-13-nji oktýabry aralygynda Sanly ulgamy we emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirleri we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi.

Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda öz ornuny pugtalandyrýar
Türkmenistan ulag-logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Türkmenistanyň hem gatnaşýan CASCA + multimodal ulag ugrunyň ösdürilmegi bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Türkmen wekiliýeti Daşkentde «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy
11-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýa halkara institutynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Bir guşak — bir ýol: Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikler» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada «Dunýo» habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Energetika hepdeligi forumynyň umumy mejlisinde Demirgazyk—Günorta ugrunyň durmuşa geçirilýändigini we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň muňa gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Muny «Report.az» habarlar portalynyň Russiýadaky edarasy habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.