«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynda - tehnologiýa döwrüne emeli aň we täze IT çözgütlerini ornaşdyrmak meselelerine garaldy

13-10-23

2023-nji ýylyň 12-13-nji oktýabry aralygynda Sanly ulgamy we emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirleri we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirildi.

Ýokary derejeli foruma 30-dan gowrak ýurduň 20000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygynda wekiliýeti gatnaşdy.

Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew gatnaşyp, öz çykyşynda soňky ýyllarda forumyň Merkezi Aziýada IT pudagynyň ösüşiniň soňky tendensiýalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň uly platforma öwrülendigini aýtdy.

Iki günlik forumyň çäklerinde çykyşlar hususan-da, önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlylaşdyrylmak arkaly tizlik, ýokary hil we amatlylyk gazanmak, ilatyň, işewürligiň we döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, emeli  aňy ösdürmek we ony köp ugurlara ornaşdyrmak, IT pudagyny ösdürmek, döwrebap pikirli IT hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlandy.

Forumda gurnalan 200-den gowrak sergi zolagynda we IT - mekdepleriň sergisinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usullary öwrenildi.

«Digital Bridge 2023» atly halkara forumynyň esasy maksady tejribe alyşmak nukdaýnazardan, özara peýdaly täze işewür hyzmatdaşlyk üçin sebitdäki IT çözgütlerini görkezmek, sanly ulgamy ösdürmek we pudaklara ornaşdyrmak arkaly hyzmatlara we harytlara bolan elýeterliligiň tiz we ýeňil bolmagyna täze mümkinçilikleri açmakdyr.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.