Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär
Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar.

«Turkmendenizderyayollary» agentliginde Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň we Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Golaýda «Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we tor çözgütleriniň öňdebaryjy ýapon üpjünçisi hyzmatdaşlyga gönükdirilendir
Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziliniň çägindäki gazonlary, otlary, ýaşyl ýerleri, agaçlary, gyrymsy agaçlary we gülleri abatlamak we suwarmak üçin tender yglan edýär

“Türkmenpoçta” ýük ugratmak hyzmatynyň gerimini giňeldýär
Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.

Türkmenistanda “Aurus” kysymly ulaglar ulanylyp bilner
Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda “Aurus” kysymly awtoulaglaryň peýda bolup biljekdigini mälim etdi.

Lebap welaýatynda awtoulaglaryň tehniki guratlygyny barlaýan merkezler açyldy
Lebap welaýatynyň Darganata we Dänew etraplarynda awtoulaglaryň tehniki guratlygyny barlaýan polisiýanyň täze edaralary açyldy.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Türkmenistan Hytaýa uzaýan täze demir ýol taslamasyna gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ulag gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýär.

Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär
Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, “Trend” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.