Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
1679b00d6904ae.jpeg
1 ýyl ozal
Milli mirasy aýawly saklamak — mynasyp geljegi berkarar etmegiň möhüm şerti

Medeniýet ulgamy häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki medeniýet milli ruhy gymmatlyklaryň esasyndaky döwlet we jemgyýetçilik taglymatlarynyň kemala gelmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

16799c91ac01ee.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Gazagystan sürüjiler üçin wiza düzgünini aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar

Gazagystan Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çägi arkaly Ýewropa uzaýan alternatiw ulag geçelgelerini ösdürýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

16799c64363dcb.jpeg
1 ýyl ozal
S7 Moskwa-Aşgabat uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 14-e çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

«Rosawiýasiýa» edarasy S7 awiakompaniýasyna Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 7-den 14-e çenli köpeltmäge rugsat berdi – diýip, RIA Nowosti agentli habar berýär.

16799c14798188.jpeg
1 ýyl ozal
«ÇaparPay»: çapary çagyrmagyň iň ýeňil usuly

«ÇaparPay» ykjam programmasynda ulanyjylaryň durmuşyny has ýeňilleşdirjek täze mümkinçilik peýda boldy. Indi ykjam programma arkaly «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň çaparyny ýeňillik bilen çagyrmak mümkindir.

16799c095b20e0.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Hindistan ulag, energetika we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda, dokma toplumy we hususy pudagyň meseleleri boýunça orunbasary Nökerguly Atagulyýew, energetika, senagat, ulag we ýokary tehnologiýalaryň türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi.

16799b5e071b61.jpeg
1 ýyl ozal
Gazagystan Ýewropa haryt daşamak üçin Türkmenistandan geçýän täze ugurlary ösdürýär

Gazagystan Türkmenistandan, Eýrandan we Türkiýeden geçýän, Ýewropa ugrukdyrylan alternatiw ulag ýollaryny ösdürýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi habar berýär.

16799b0add6e7e.jpeg
1 ýyl ozal
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy. 2024-nji ýyl: Oba hojalyk toplumy

Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

16798a51f07f4b.jpeg
1 ýyl ozal
Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde intellektual ulag ulgamlary ornaşdyrylar

Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň (ÝAYB) çäklerinde intellektual ulag ulgamlarynyň (IUU) ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär, bu hem daşaýjylar üçin bitewi maglumat giňişliginiň döredilmeginde möhüm ädim bolar.

16798a4928f36e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Ýaponiýa ulag we energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrar

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

16798aa7222fb2.jpeg
1 ýyl ozal
Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Hytaýyň öňdebaryjy emeli intellekt kompaniýasy “DeepSeek”, R1 atly täze emeli intellekt modelini tanyşdyrdy. Bu model, dünýäde giňden ulanylýan “OpenAI”-nyň “ChatGPT” modeline meňzeş ukyplara eýe bolup, has arzan bahadan hyzmat edýär. “DeepSeek”-iň bu täze modeli emeli intellekt ulgamynda ýene bir uly ädim hökmünde kesgitlenýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.