Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
167a2ec5ba7b1e.jpeg
1 ýyl ozal
Döwletiň we halkyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary Bitarap Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

167a1bb052183d.jpeg
1 ýyl ozal
Merkezi Aziýada emeli aň: strategiýalar we geljekki meýilnamalar

Emeli aň ulgamyny ösdürmek tutuş dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem esasy ösüş wezipeleriniň biridir. Sebitiň ýurtlary – Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan bu ulgamy ösdürmek ugrunda dürli strategiýalaryň işlenip düzülmegine we hünärmenleriň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.

167a1ba1c5eb50.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi

«Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleriniň» türkmen tarapyndan gol çekildi.

167a1b920302bc.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäherinde jemagat hojalygy gulluklary üçin täze awtoulaglar gelip gowuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda jemagat hojalygy üçin satyn alnan täze tehnika bilen tanyşdy.

167a1ae90b08e3.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen ÝHHG 2025-nji ýylda bilelikde 40 taslamany durmuşa geçirerler

Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi hem-de ugurdaş döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýyldaky taslamalaryň meýilnamasyny işläp düzdi. Oňa laýyklykda, şu ýyl 40 sany taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde mälim etdi.

167a05e9ee211e.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar

Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

167a05d3c89d8d.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň demirýolçylary Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Demir ýollarynyň, “Kazakstan temir žoly” MK paýdarlar jemgyýeti, “Russiýa demir ýollary” AGPJ-niň we “Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleriniň Almatyda iki günlük duşuşygy geçirildi diýip, “Rail-news.kz” habar berýär.

167a05b0c5cf07.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ulag statistikasy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 30-31-nji ýanwarda BMG-niň ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guralan ulag statistikasy boýunça iki günlük okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

167a06139aaa20.jpeg
1 ýyl ozal
Lebap awtoulag önümçilik birleşigi bir ýylda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat etdi

2024-nji ýylda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Lebap awtoulag önümçilik birleşigi ýolagçy gatnatmak baradaky meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip, bu babatda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat etdi. Şeýlelikde, kärhana 23 million 244 müň manatlyk işi ýerine ýetirdi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

167a04e9048719.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan sebitde energetika, söwda we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň diplomatlary bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.