Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda “Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa – Aziýanyň we Ýewropanyň birleşmesi” atly tegelek stol geçirildi. Çärä Rumyniýada ulag we infrastruktura ministrligiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, şeýle hem Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy
18-nji sentýabarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi.
German kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler
Ýakynda Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary
Ýakyynda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi.
IRU we Türkmenistan awtoulag boýunça ýol kartasyny döretmek barada ylalaşdylar
IRU we Türkmenistan sentýabr aýynda awtomobil ulaglary boýunça ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan ýokary derejedäki gepleşikleri geçirip, bu pudagyň ösdürilmeginiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanda täze ýokary tizlikli “Sarahs-Mary-Serhetabat” awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär
“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sino Gidro Bureau 12. Co., Ltd.”-iň Ýewraziýadaky wekilhanasy bilen “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin strategiki şertnama baglaşdy.
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.