Habarlar
Habarlar
Bedew batly ösüşlere buýsanç
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan buýsandyryjy ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär.
Garaşsyzlyk — edermen halkymyzyň milli buýsanjy
Garaşsyzlyk güni özygtyýarly döwletimiziň berkararlygyny, nesilleriň we döwürleriň synmaz ruhy baglanyşygyny, ata-babalarymyzyň Watanymyzyň Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň jebisligi ugrunda köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr.
HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ BELENT MERTEBESI
Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Hususanda, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, ulag-logistika, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ylymbilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifkasiýalaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä çykarylýar.
KÄMILLIGE YMTYLÝAN HÜNÄRMENLERIŇ BILIM ALÝAN ÝOKARY OKUW MEKDEBI
Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
SANLY BILIM ÖZGERTMELERI – DÖWRÜŇ BEÝIK ÖSÜŞLERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
ASYLLY MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR
Ýurdumyzy sanly bilim ulgamyna geçirmek boýunça ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda degişli guramaçylyk, tehniki we amaly işler yzygider amala aşyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
TUTUMLARY ULY, ÝOLLARY AMAN, DÜNÝÄ NURUNY SAÇÝAR BAGTYÝAR ZAMAN
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňden görüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
HÜNÄRLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZ
Ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksatly inžener hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamy sanly esasda ösdürilýär we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylýar.
Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ählumumy ösüşlere we ylym ulgamynyň gurluşyna, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşlerine, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýaşlar sanly bilimiň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçiren umumy sapagy ýaş nesillerimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly seneleriň biri boldy. Bu taryhy ähmiýetli sapak ýaşlarda ruhy galkynyşy döretdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.