Habarlar
Habarlar
161d601ee13ed1.jpeg
4 ýyl ozal
Керки и Дашогуз связал прямой авиарейс

Авиалайнер Boeing 737-700, вылетевший из Дашогуза днём рейсом T5337, примерно через час приземлился в аэропорту Керки и через час с пассажирами взял обратный курс.

161d6b6b3b59c9.jpeg
4 ýyl ozal
GAZYLYP ALYNÝAN TEBIGY BAÝLYKLAR

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar Ýeriň gatlaklarynda ýerleşýän mineral we organiki jisimlerdir. Olar görnüşleri boýunça gaty, suwuk we göz şekillidir. Himiki düzümi we fiziki häsiýetleri olary maddy önümçilikde taýýar önümi almak üçin çig mal ýa-da ýangyç hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

161ce0a723a09f.jpeg
4 ýyl ozal
Baýramçylyk mynasybetli paýtagtda jemgyýetçilik ulaglary bezeldi

Aşgabatda şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna ýörite bezeldi.

161cddc1915103.png
4 ýyl ozal
"Halkyň Arkadagly zamanasy" – abadan durmuşyň nyşany

2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly  şygarynyň hem-de ýörite nyşanynyň tassyklanylmagy mynasybetli aýdym sazly dabara  geçirildi. Oňa  institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

161cdddff1f243.jpeg
4 ýyl ozal
ÝURDUMYZYŇ ULAG-LOGISTIKA TOPLUMY ÖSDÜRILÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanyldy. Bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi.

161ccb364d513f.jpeg
4 ýyl ozal
Täze ýyl baýramynda raýatlarymyza ýokary guramaçylykly hyzmat garaşýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Täze ýyl baýramy mynasybetli işleri güýçlendirilen tertipde ýola goýýar. Şonuň netijesinde 31-nji dekabrda we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýolagçy gatnawlary tölegsiz amala aşyrylar. Bökdençsiz gatnawlary üpjün etmek maksady bilen, şäheriçi awtobus gatnawlary 31-nji dekabrda sagat 6:00-dan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli hereket eder.

161cbc8420dc6e.jpeg
4 ýyl ozal
“HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY” - IL ALKYŞLY GAHRYMANYŇ HORMATY

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen 2021-nji ýylda milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda guwandyryjy işler amala aşyryldy.

161cbc76e496d7.jpeg
4 ýyl ozal
Aragatnaşyk ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna bagyşlanyp duşuşyk geçirildi

Golaýda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hem-de Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň mowzugy aragatnaşyk bölümlerinde sanly ulgamyň şertlerini üpjün etmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň sanlylaşdyrylmagynda tagallalary birleşdirmek hem-de ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar barada boldy.

161cca2f1ceacf.jpeg
4 ýyl ozal
“Türkmenpoçta” häzirki zaman marketing çemeleşmelerini durmuşa geçirýär

Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly maglumat çeşmeleriniň ösmegi bilen döwlet gurluşlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, internet arkaly ilata hödürlenýän hyzmatlary gowulandyrmak üçin köp işler alnyp barylýar.

161c9e8c43bde6.jpeg
4 ýyl ozal
Kerkiden Aşgabada we Daşoguza howa gatnawlary amala aşyrylar

2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Aşgabat bilen Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň arasynda kadaly howa gatnawy açylar. Bu ugurda (Aşgabat – Kerki – Aşgabat) boýunça 313-314 belgili uçuşlar Boeing-737-700 uçarlarynda hepdäniň duşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçuş Aşgabat halkara howa menzilinden ýerli wagt bilen sagat 10.00-a, gaýdyş ugra bolsa – 12.00-a meýilleşdirilýär. Uçuş wagty – bir sagat.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.