Habarlar
Habarlar
HALKARA ULAG GEÇELGELERI – DOSTLUK KÖPRILERI
Ulag ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, bu başlangyçlar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini ýerine ýetirýär.
MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli demokratiýanyň ýörelgelerini, raýatlaryň hukuk taýdan erkinligini, ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kanunlaryň hemmetaraplaýyn gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak babatda alnyp barylýan işler her bir türkmenistanlynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň iň ýokary kadalaşdyryjy hukuk namasy bolan Esasy Kanunymyz döwletimiziň syýasy-hukuk binýadydyr.
Аэропорт Казани анонсировал в апреле открытие маршрутов в Туркменистан
Международный аэропорт Казани планирует возобновить авиасообщения с Туркменистаном в апреле 2022 года. Об этом сообщает издание «Казанские ведомости» со ссылкой на пресс-секретаря аэропорта Аделя Гатауллина.
Türkmenistan we BMGÖM: sanlylaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk
18-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekildi.
TALYPLAR GÖÇME OKUW-ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINDE
Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň geljegi bolan ýaş nesle kämil bilim-terbiýe berilmegine aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň kämil terbiýeli şahsyýetler, işine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatynda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we terbiýelenmegine esas bolup durýar.
«Onlaýn taksi» mobil goşundysyna dil saýlamak mümkinçiligi girizildi
«Onlaýn taksi» mobil goşundysynyň işläp düzüjileri onuň Android ulgamy üçin niýetlenen görnüşine käbir täzelenmeleri girizdiler.
Poçta çaparçylyk hyzmaty has-da elýeter edildi
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy salgydan-salga gowşurmak hyzmatynyň nyrhyny 1-nji martdan peselendigini habar berýär.
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNA GÖNÜKDIRILEN ÇÄRELER
“Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň ykrarnamasyna öwrüldi.
MYNASYP DALAŞGÄRE SES BERERIS
Mälim bolşy ýaly, şu gün 12-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasat ynyň, alyp barýan beýik işleriniň, Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüş-özgerişleriniň dowamaty hökmünde taryha girer.
DOWAMAT DOWAM BOLSUN
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda her bir saýlawçynyň öz mynasyp gören dalaşgärine seslerini bermegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özboluşly badalgasydyr. Erkana Watanymyzyň täze taryhynda möhüm sahypany açýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikleri hakynda gürrüň etmek diýseň ýakymly.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.