HALKARA ULAG GEÇELGELERI – DOSTLUK KÖPRILERI

20-03-22

Ulag ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­ny has-da ös­dür­mek ba­bat­da öňe sür­ülýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­r dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­daw ta­pyp, bu baş­lan­gyç­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da ägirt uly kuw­wa­ta eýe bol­mak bi­len, iri hal­ka­ra we se­bit tas­la­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni ýerine ýetirýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 18-19-njy martynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň demir ýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iki günlük duşuşygy geçirildi.

Ulag ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny has-da ýygjamlaşdyrmaga, sebitde durnukly ulag geçelgelerini döredilmegine bagyşlanyp  geçirilen halkara duşuşygynda çykyş edenler halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de maglumat gatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün eldýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýändigi belläp geçdiler. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen duşuşygyň barşynda “Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” halkara multimodal ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Munuň özi hem Beýik Ýüpek ýolunyň eýeleýän taryhy ornuny täzeden dikeltmegiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinde Ýewropa bilen Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm ulag-üstaşyr halkasy hökmünde onuň barha artýan derejesini kesgitleýär.

Degişli ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen dördünji duşuşygyna gatnaşyjylar halkara multimodal ugry boýunça ýükleriň päsgelçiliksiz daşalmagyny üpjün etmek, goşmaça ýükleri çekmek üçin amatly şertleri döretmek hem-de uly göwrümli konteýnerler üçin platformalarynyň özbaşdak berilmegi we tariff ölçegleriň kesgitlenilmegi ýaly meseleleri maslahatlaşdylar.

Bir söz bilen aýtsak, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, raýdaşlyk hem-de ynanyşmak ýaly häsiýetler bilen dünýä halklarynyň ýüregine tarap ýol çekýän ata watanymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty sebitde durnukly ulag geçelgelerini döretmegi öňe sürýändir.

Ýazmyrat ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16a829d2e29583.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829c9bb3b9c.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.


16a829bcd33b85.png
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.


16a829adcca4a5.jpeg
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.


16a829a0c801c5.jpeg
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.