Habarlar
Habarlar

ASUDALYGYŇ KEPILI
Mälim bolşy ýaly, her ýylda giň gerimli “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–— ömrümiziň rahatlygy” atly köpçülikleýin çäräniň dowamynda ilat arasynda, şol sanda bilim edaralarynda ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine, ýollarda özüňi howpsuz alyp barmagyň öwredilmegine, ýol-ulag hadysalary bilen baglylykda şikes ýetmeleriň öňüniň alynmagyna gönükdirilen düşündiriş, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

OBA HOJALYGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝA
Hormatly Prezidentimiz ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, ekerançylyk pudaklarynda häzirki döwürde mehanizmleşdirilen işlere sanly ulgamy ornaşdyrmaga girişildi.

HEREKET HOWPSUZLYGY UGRUNDA
Dünýä ýüzünde düzgünleşdirilen ýol hereketiniň edep kadalaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap düzgünler we talaplar bilen utgaşdyryp ulanmak, berjaý etmek zerurlygy artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda iki gyrasyna dürli baglar jäheklenen giň, owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly ulaglar yzygiderli hereket edýär.

SAGDYN durmuş – BAŞ ÝÖRELGÄMIZ
Ösüşli menzillere tarap barýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Saglyk adam üçin iňňän uly baýlyk hasaplanýar. Raýatlarymyzyň daş-töweregimizdäki ýokanç keselleriň zyýanly täsirlerinden, kesel ýaýradyjy tozanjyklardan goranmaklary, şeýle-de möwsümleýin ýokuşýan keselleriň öňüni almak üçin ýurdumyzyň saglyk ulgamynda uly işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýar ýaşaýşyň ýurduna öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni baýdak edinip, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň syýasy durnuklylygyny, ösüşini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – ÝOKARY OKUW MEKDEBIŇ BAŞ WEZIPESI
Ulag we kommunikasiýalary pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ulag pudagyna ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bilen üpjün etmek meselesine ýardam edýär. Institut 2019-nji ýylyň 12-nji iýunynda döredildi we häzirki wagtda onuň düzüminde 6 fakultet, 19 kafedra hereket edip, jemi 27 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

BIZ WATANYMYZYŇ SÜŇŇI HALAL, DOGRUÇYL, AGZYBIR ÝAŞLARY BOLMALYDYRYS
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar.

ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLYNYŇ ÝOLÝAKA HYZMATLARYNYŇ TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda yhlasly zähmeti, uly üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK TÄZE ÜSTÜNLIKLERE ITERÝÄR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine halkymyzyň intellektual kuwwaty bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.

TALYP ÝAŞLARY YLMY IŞLERE UGRUKDYRMAK
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.