Habarlar
Habarlar
GAWUN BALYNY TAÝÝARLAMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserleriniň VI jiltinde adaty gawunyň görnüşleri, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şonuň ýaly-da bu dermanlyk ösümlikleriň türkmen halk lukmançylygynda we ylmy lukmançylykda peýdalanylyşy barada maglumatlar getirilýär.
Galla oragy — jogapkärli möwsüm
Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Şoňa görä, galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy belleniljek ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar.
“Türkmenhowaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy 1 ýylyň dowamynda ýaşaýyş jaýlaryndaky suw gyzdyryjy gazanlara (ýyladyş ulgamy), suw sorujylara we çillerlere (sowadyş ulgamy) hem-de LED yşyklandyryjylara (mahabat yazgylary) tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär
YKDYSADY ÖZGERTMELER
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumy yzygiderli ösüşleri başdan geçirýär. Bu toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň aýrylmaz bölegi hem sanly ulgamy ornaşdyrmakdyr.
Beýik ykbally türkmen
ÝÜWRÜK ELI ÝÜWSELI
Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz aýratyn sarpa goýýar. Mährem enelerimiziň ýagşylyk etmek, zähmeti söýmek, ak ýürekli bolmak, ululary sylamak hakyndaky öwüt-ündewleri, ýokary ahlakly, dogruçyl, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işleri edep we terbiýe mekdebidir. Biz maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan enelerimize, gelin-gyzlarymyza guwanýarys.
Agzybir halkymyz toýa barýar
Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly toýuna barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ulgamlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hem gazanylan ösüşler başyňy Göge ýetirýär. Her ýylda Medeniýet hepdeligini geçirmek indi däbe öwrülip, onuň üsti bilen milli medeniýetimiz dabaralandyrylýar.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitlerine bagyşlanan bu okuw sapagy ýaşlaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyryp, olaryň kalplarynda watançylyk duýgularyny ösdürmäge ýardam edýär.
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY DÜNÝÄ ÝÜZÜNDE GOLDAWA EÝE BOLÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
KERAMATLYLARY HORMATLAP
Öwlüýäleri (weli –– birlik sanda, göni manysy dost) sylamak musulman ýurtlarynyň ählisine mahsusdyr. Keramatlylar bolsa gönüden-göni sufizm –– sopuçylyk–derwüşçilik taglymaty bilen baglanyşyklydyr. Sufiýler –– derwüşler Allanyň azyzlarydyr. Azyzlaryň içinden saýlananlaram Hudaýyň dosty hökmünde keramatly kişilere öwrülenleridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.