Habarlar
Habarlar
4 ýyl ozal
GARAŞSYZLYK — GANATYM, hemiŞelik BITARAPLYK — PÄK BAGTYM

Şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.

16020cf821142f.jpeg
4 ýyl ozal
Zähmeti kämilleşdirmek maksady bilen

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi depginli alnyp barylýar. Munuň bilen baglylykda bu ugruň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem, olaryň işleriniň häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar.

16020bb143616d.jpeg
4 ýyl ozal
ÝURDUMYZda INNOWASION LOGISTIKA pudagy KEMALA GELÝÄR

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny innowasiýa taýdan has-da ösdürmäge, dünýä derejelerine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurdaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmek bilen bagly meseleler «Döwlet ylmy — tehniki syýasaty hakynda», «Inowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

16020baa327506.jpeg
4 ýyl ozal
ULAG ULGAMYNDAKY HALKARA HYZMATDAŞLYK barha ilerleýär

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk» diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.

4 ýyl ozal
Iri taslamalaryň metbugat brifingI

Ýakynda möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, «Akina — Andhoý» beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýoluň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlanyp, giň göwrümli metbugat brifingi geçirildi.

16020b8df8c50c.jpeg
4 ýyl ozal
demir ýol ulgamynda ösüşli gatnaşyklaryň TÄZE SAHYPASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde sebit we yklym ulag-üstaşyr ulgamy döretmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtda, ýurdumyzyň ulag-logistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman demir ýol köprülerini, ulag-logistiki babatda wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

16219e9b08cfa3.jpeg
2 ýyl ozal
Halkyň Arkadagly zamanasynyň beýik gurluşyklary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

1643d3afa7523a.jpeg
7 aý ozal
Magtymguly Pyragy - şygryýet äleminiň beýik ussady

Her bir halkyň edebi mirasy onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan edebi mirasyny gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine uly sarpa goýýar.

1643d3eb45dcab.jpeg
1 ýyl ozal
Pyragy - dünýä meşhur akyldar şahyr

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar.Bu gün halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi.

1643d43d14fd6e.jpeg
7 aý ozal
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.