Habarlar
Habarlar

PUDAGYŇ MADDY-TEHNIKI BINÝADY KUWWATLANÝAR
Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklarynyň maddy-tehniki binýadynyň täzelenmegi, olaryň häzirki zaman usullaryň esasynda iş alyp barmagynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ulaglar syýasatynyň özboluşly aýratynlygydyr. Bu ugurda ata Watanymyzyň daşary ýurduň öňdebaryjy kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmagy, şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň ulaglar düzüminiň kämilleşdirilmegi oňyn netijelerini berýär.

TÄZE TEHNOLOGIÝALY ULGAM — öňegidişligiň GIREWI
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Şonuň bilen baglylykda bolsa täze tehnologiýalar ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňişleýin ornaşdyrylýar.

TARYHY WAKALARYŇ ÝALKYMY
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuş ugurly bolmagy türkmenistanlylaryň parahatçylykly zähmetini, abadançylygyny, eşretli durmuşyny üpjün edýär we şol bir wagtyň özünde goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetlerini hem-de durmuş düzümini ösdürmäge işjeň ýardam edýär.

Halkara gatnaşyklaryna, döwrebap ýörelgelere bagyşlanan duşuşyk
Beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletimiziň häzirki özgerýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän iş usullarynda iş alyp barmak, ýurdumyzyň ösüşlerine seslenmek we munuň bilen baglanyşykly çäreleri, maslahatlary geçirmek mynasyp dowam etdirilýär.

Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysy äleme çykarylar
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatynyň çäklerinde birnäçe gäýragoýulmaz meseleler bilen birlikde, “TürkmenÄlem 520E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysyny äleme çykarmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.

Ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň çäginden goňşy döwletlere we ondan hem dünýä uzaýan «polat ýollarymyz» barha kämilleşdirilýär. Bu babatda «Türkmendemirýollary» agentliginde şeýle çäreleriň biri, ýagny Aziýa ösüş bankynyň «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» bilen wideoaragatnaşyk arkaly ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

“Türkmentelekom” INTERNET HYZMATLARYNY HAS-DA ELÝETER etdi
Milli aragatnaşyk pudagymyzyň häzirki döwürde ýeten derejeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde internet ulgamynyň ösdürilmegi, dürli hyzmatlaryň elýeter edilmegi ugrunda işler yzygiderli alnyp barylýar.

“AŞTU” INTERNET NYRHNAMALARYNY ARZANLATDY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň köpugurly esasda ösdürilmegi, kämil enjamlaryň we täze işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio gatnaşyklarynyň, öýjükli ulgamyň köpugurly şahasynyň üstünlikli hereket etmegini şertlendirýär.

«Türkmenhowaýollary» ýük gatnawlaryny ýola goýýar
Halkara gatnaşyklarynyň täze tapgyrlara çykyp, sebit ähmiýetli işleriň hasyl edilýän häzirki döwründe Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hem täze netijeleri berýär. Munda häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda demir ýol hem awtoulaglar arkaly ýük gatnawlaryny amala aşyrylan bolsa häzirki wagtda howa ulaglary arkaly hem ýükleri kabul etmek hem-de ugratmak işleri ýola goýulýar.

Awtoulaglar pudagynyň düzümi kämilleşer
Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.