Habarlar
Habarlar
1642e57820f8db.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

16423cd87428b4.jpeg
3 ýyl ozal
«Belawiýa»-nyň uçarlary tomus meýilnamasyna laýyklykda Türkmenbaşy şäherine gatnar

Awiakompaniýanyň resmi sahypasynda berilýän habara görä, 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan 28-nji oktýabryna çenli ähli «Belawiýa-nyň uçuşlary tomus tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

1642ba798b05ff.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

16422e5d60541f.jpeg
3 ýyl ozal
«TULM» BILEN «TÜRKMENISTAN» AWIAKOMPANIÝASYNYŇ ARASYNDA YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI

Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň arasynda howa ýük gatnawlarynyň hyzmatynyň satuwy boýunça agentlik ylalaşygyna gol çekildi.

1642a5eecbe210.jpeg
3 ýyl ozal
Ösüşiň we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen

Geçen hepde möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara beslenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ýoluna Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny tassyklady.

16422e2d156720.jpeg
3 ýyl ozal
Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

16427d9c1d2ade.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

16422e163e5d86.jpeg
3 ýyl ozal
Paýtagtymyzda käbir awtobuslaryň ugurlary üýtgedildi

Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizildi. Bu barada «Türkmemawtoulaglary» agentligi habar berýär.

16425183284e19.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidowy kabul etdi.

16420aee2eff00.jpeg
3 ýyl ozal
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi ussat sürüjileri taýýarlaýar

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýurdumyzda awtoulag hyzmatlaryna barha islegler artýar, ol islegler ýokary derejede kanagatlandyrylýar. Bu islegler bilen bir hatarda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem döwletimiz tarapyndan uly işler amal edilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.