Habarlar
Habarlar
Türkmenistan Demirgazyk — Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Energetika hepdeligi forumynyň umumy mejlisinde Demirgazyk—Günorta ugrunyň durmuşa geçirilýändigini we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň muňa gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Muny «Report.az» habarlar portalynyň Russiýadaky edarasy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana iş sapary başlandy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigini geçirmegi belledi
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler
17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy geçiriler. Muny Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunýiniň sözlerine salgylanyp, Sinhua habar berýär.
«Çapar» hyzmaty ilata ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň geljekki meýilnamalarynda «Çapar» köpugurly ykjam programmasyny ulanyjylara ýurduň medeni durmuşynda bolup geçýän wakalar bilen tanyşmaga we öýden çykmazdan, islendik döredijilik çäresine – konsertlere, film görkezilişlerine, spektakllara, sergilere we beýlekilere petek satyn almaga mümkinçilik berýän täze hyzmaty ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi
2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda «Türkmendeňizderýaýollary» Agentligi tarapyndan daşalýan ýükleriň umumy mukdary 2 287,7 million tonna barabar boldy. Munuň özi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,9 göterim köpdür diýlip, Agentligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de onuň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi.
Aktau şäherinde Iş toparynyň ýygnagy we «Trans-Hazar halkara ulag geçelgesi» Halkara Guramasynyň Umumy ýygnagy geçirildi
Duşuşygyň dowamynda Umumy ýygnaga gatnaşyjylar TMTM ugry boýunça ýük daşamalarynyň artandygyny belläp, TMTM ugry boýunça konteýner otlylaryndan ýük daşamaklygy gurnamakda bilelikdäki hereketler we jogapkärçilik barada çäreler babatynda Ylalaşyga we Hazar deňziniň portlarynyň arasynda (Aktau – Baku (Alýat)) halkara demir-deňiz ýollaryndan fider gämileriniň gatnaşmagynda konteýner daşamalary gurnamak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler.
Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler
Golaýda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar.
Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.