«Awaza» - hyzmadaşlyk mekany
21-11-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratynyň kuwwatly güýjüni görkezýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” alyş sagaldyş merkezinde Awiýasiýa we Aragatnaşyk işgärleriniň ilkinji guramalarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz - ösüşlere beslenýär aýdyň ýolumyz” atly okuw maslahatyny «Awazanyň» gözel künjeginde geçirilmegi, bizi diýseň buýsandyrdy. «Awazanyň» arassa howasyndan dem alyp, dürli kärdäki işjeň agzalar bilen duşuşyp öz tejiribämizi baýlaşdyrdyk.
Okuw maslahatynyň çäginde şu ýylyň 24-nji sentýabrynda bolup geçen Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri zähmetkeşleriň arasynda wagyz-nesihat etmek we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek Kärdeşler Arkalaşylarynyň ilkinji guramalarynyň maliýe hasabaty we tehniki howupsuzlyk hünärmenleriň borçlary we hukuklary barada pikir alyşyldy. Şol okuw maslahatyň çäginde sport bilen meşgullanmak küşt şaşka oýunlary gurnamak ýaly giň müňkinçilikler döredildi. Men hem şol maslahatyň çäginde “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde Ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça raýatlarymyz, ýokary tizlikli internet hyzmatlaryndan we sanly hyzmatlaryň dürli görnüşli amatlyklarda we ýeňilliklerden peýdalanmaklary barada we aragatnaşygyň hem-de internet hyzmatlarynyň sanyny artdyrmak, olaryň hil derejesini ýokarlandyrmak babatynda şäher hem-de oba telefon beketleri täze innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy Dünýäde meşhur öýjükli aragatnaşyk prowaýderi we onuň öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýändigi şeýle hem Agentlik tarapyndan halkymyza hödürlenýän IPTV, internet, telefon hyzmatlary, «Belet Film» onlaýn kinoteatr platformasy, my.agts.tv platformasynda «şahsy otag» hyzmatlary sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna gönükdirilýändir.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, Internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowupsyzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirýändigini öz çykyşymda belläp geçdim.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýürdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, her ýylda ýokary guramaçylykly geçirilýän “Sanly çözgüt” alty innowasion taslamalar bäsleşigi geçirilýändigini şeýle hem ýaş programistler tarapyndan öz innowasion IT taslamalary bilen bäsleşiginiň ýokary derejeli geçirilýändigini we ýeňijileriň yglan edilýändigi barada belläp geçdim.
Mundan başda-da, Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär.
Arkadag şäherinde häzirki zaman LoRaWan geçiriji stansiýalarynyň enjamlar toplumynyň kömegi bilen sanly hyzmatlary uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamlary girizildir.
"Akylly öý we jemgyýetçilik hyzmatlary" raýatlarymzyň bu hyzmatlardan onlaýn görnüşde peýdalanmaklary üçin mobil goşundysy taýýarlandy.
Arkadag şäheriniň ähli kärhanalary ýokary guramanyň merkezi edarasyna birikdirilen elektron resminama dolandyryş ulgamy bilen işledilýär. 123 belgili «Call centr» gyssagly kömek hyzmatlar merkezi we e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda Arkadag şäheriniň penjiresi döredildir.
Mundan başga-da goňşy döwletler bilen bilelikde, BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça işler alnyp barylýandygy barada çykyş etdim.
Sözümiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny we taryhy başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Berkarar döwletiň täze eýýamy
Berkarar döwletiň täze eýýamy,
Halkymyzy ösüşlere besleýär,
Gadymdan gelýän hoşniýetlilik,
Besleýär geljekki aýdyň ýollary.
Berkarar döwletiň täze eýýamy,
Üstünlikler halkymyzyň buýsanjy,
Parahatlyk däp-dessurly gatnaşyk,
Galkynyş döwletiň ösüşli ýoly.
Berkarar döwletiň täze eýýamy,
Üstünlikler ösüşlere beslenýär,
Kuwwatly-gaýratly mähriban ýurdyň,
Geljekki aýdyňlyk ýolundan barýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamy,
Taryhy başlangyç ýollardan barýar,
Watanymyň şanyna beslenen diýar,
Arkadag Ýurdyna gün şöhle çoýýar.
Gülnabat AKMÄMMEDOWA,
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň baş hünärmeni, KA-larynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzasy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.