Habarlar
Habarlar
Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iki täze Kararnamany alty dilde neşir etdi
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ulag arabaglanyşygy we energiýa birikmesi hakyndaky Kararnamalary Guramanyň resmi web sahypasynda alty dilde çap edip ýerleşdirdi diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sowgatlyk hem-de ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak üçin döredijilik bäsleşigini yglan edýär
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sowgatlyk hem-de ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak üçin döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy
5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.
Tehnologiýalar dünýäsine syýahat: Aşgabatda DevFest 23 geçirildi
Aşgabatda DevFest 23 maslahaty geçirildi. Bu çärä programmirlemegi öwrenmek isleýänler, tejribeli işläp taýýarlamajylar hem-de IT ulgamy bilen gyzyklanýan ýönekeý adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň serhedinde ýerleşýän «Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelener
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi başlanýar. Şu karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alnar we gurnalar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlandy
4-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Ýanwar aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 8 ýurda 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen uçuşlaryň tertibinde habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.