Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
«Türkmenpoçta» ýükleri ygtybarly we çalt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Bukja ibermeli? Gymmat bahaly ýük daşamalymy ýa-da başga bir şähere haryt eltip berelimi? «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli sebitlerine ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gazagystanda awtoulagda ýük daşamak üçin rugsatnamalary almagyň täze düzgünleri işlenip taýýarlanyldy
«Zakon.kz» habarlar gullugynyň maglumatlary Ulag ministrliginiň Gazagystan Respublikasynda ýol ulaglary üçin ygtyýarnama ulgamyny halkara düzgünlerinde ulanmak boýunça üýtgeşmeleri girizýändigini tassyklaýar.
«Türkmendemirýollary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgatlar gowşuryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar gününe bagyşlan çäre geçirildi.
ABŞ-da giň zolakly internetiň kesgitlemesi üýtgedildi
ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasy «giň zolakly internete elýeterlilik» kesgitlemesini üýtgetdi. Indi ol azyndan 100 Mbit/s bilen ýükläp almak tizligini we azyndan 20 Mbit/s ýüklenme tizligini aňladýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary
“Deňiz söwda floty” PJ-i, ähli gyzyklanýan we isleg bildirýän kompaniýalara Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary barada ýatladýar. Fider gatnawlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap amala aşyrylyp gelinýär.
Moskwanyň demir ýollarynda «akylly geçelge» ulgamy ornaşdyrylýar
Moskwada demirýol ugurlarynyň kesişýän çatryklarynda päsgeldilikleri habar berýän tehnologiýa oturdyldy. Bu barada Moskwanyň demir ýollarynyň resmi saýtynda habar berilýändigi «ТАСС» tarapyndan beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikde bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.