Habarlar
Habarlar
165a60cc6d5b4e.jpeg
2 ýyl ozal
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Hoşimin, Milan, Jidda, Bangkok, Kuala Lumpur ugurlary boýunça awiabiletleri satyp başlady

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan Aşgabat – Kuala Lumpur – Aşgabat, 16-njy fewralyndan Aşgabat – Jidda – Aşgabat, 5-nji martyndan Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, 6-njy martyndan Aşgabat – Milan – Aşgabat ugurlary boýunça halkara uçuşlaryň açylýandygy barada habar berýär.

165af3dbe751d7.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

165b6775b53db7.jpeg
2 ýyl ozal
2023-nji ýylda Astrahanyň deňiz porty ýük daşamakda rekord görkezijä ýetdi

2023-nji ýylda Russiýanyň Astrahan deňiz porty ýük daşalyşyny bir ýarym esse artdyrmak bilen bu babatda soňky 10 ýylda iň ýokary ýyllyk görkezijä ýetmegi başardy.

165a6095b1786c.jpeg
2 ýyl ozal
«Çapar»: kömekçi ykjam programma

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam programmasynyň Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurlygy barha artýar. Ol ulanyjylara öýünden ýa-da iş otagyndan çykmazdan, dürli gündelik wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

165adecdfcc061.jpeg
2 ýyl ozal
Halkymyzyň milli mirasy dünýäde dabaralanýar

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.

165b671ae858a7.jpeg
2 ýyl ozal
Özbegistan we Hytaý özara gatnawlaryň sanyny hepdede 100-e ýetirmek barada ylalaşdylar

24-nji ýanwarda Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde köp sanly resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda “Howa ýüpek ýoly”-nyň bilelikdäki gurluşygy barada degişli edaralaryň arasyndaky Ylalaşyk hem bar.

165a6071e16fb9.jpeg
2 ýyl ozal
Owgan neşiri: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million dollara ýetdi

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi ministrligiň ýolbaşçysynyň türkmen ilçisi bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp habar berýär.

165ab472263774.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

165af50cd60a19.jpeg
2 ýyl ozal
Dubaýda gün batareýalarynda işleýän demir ýol awtobuslary we syýahatçylyk üçin ýokary tizlikli kapsulalar peýda bolar

Dubaý ýokary tizlikli syýahatçylyk kapsulalaryny we gün batareýalarynda işleýän demir ýol awtobuslaryny gurmaga başlaýandygy barada habar berýär. Dubaýyň Ýol we ulag müdirligi täze we innowasion ulag ulgamlaryny işläp taýýarlamk babatda özara düşünişmek hakynda iki sany ähtnama gol çekdi.

165a4b87e50287.jpeg
2 ýyl ozal
TEKNOFEST 2024-e gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady

TEKNOFEST 2024 awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwalynyň çäklerinde guralýan iri tehnologiýa ýaryşyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.