Habarlar
Habarlar
Ýük daşamagy yzarlamak boýunça tertipler tassyklandy
Ýakynda geçirilen Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň Geňeşiniň mejlisinde ýük daşamagy yzarlamak boýunça nawigasiýa möhürlerini ulanmak bilen baglanyşykly Tertipleriň ikisi tassyklandy. Ýewraziýanyň Ykdysady komitetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, munuň özi degişli mehanizmi işe girizmek üçin zerur resminamalaryň iň soňkusydyr.
Ulaglar boýunça bilim alýan talyplar gämide tejibelik geçýärler
Şu günler Türkmenistanyň Inženerçilik-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň «Çarlak» ýolagçy gämisinde tejribelik geçýärler. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.
«Demirýollary» AGPJ ýolagçylar üçin wagon-restoranlary ýola goýdy
Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ulaglar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda demir ýol ulaglary pudagy öňdebaryjy orny eýeleýär.
Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär
22-nji fewralda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde «Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri» atly ugurdaş çäresi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny gysgaldýar
Gazagystanyň Parlamentiniň mejlisi Azerbaýjanyň üsti Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny azaltmak baradaky şertnamany tassyklady.
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadançylygynyň binýady
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.