Habarlar
Habarlar
Türkmen halysynyň gözelligi DÝHG agza döwletleriň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň myhmanlaryny haýran galdyrdy
Aşgabat şäherinde geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25-nji aprel hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
«S7 Airlines» ýylyň ahyryna çenli elektron awiaulgamy arkaly ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder
«S7 Airlines» 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «e-AWB» elektron awiaulgamynyň («Electronic Air Waybill» adynyň gysgaldylan görnüşi) üsti bilen ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder. Bu barada ýük daşaýjy kompaniýanyň metbugat gullugy «Logirusa» habar berdi.
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekilleri Türkiýede boldular
16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
17-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.
Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda rugsatnamalary aýyrarlar
Özbegistan we Täjigistan üstaşyr ýük daşamalarynda talap edilýän rugsatnamalary ýatyrýarlar diýip, Täjigistanyň ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.