Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Huawei kompaniýasy Merkezi Aziýada intellektual ulgamlary ösdürmegi tizleşdirýär
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde “Ähli serişdeleriň kömegi bilen intellektual ulgamlaryň ösüşini çaltlandyrmak” temasy boýunça Huawei Cloud TechWave Summit 2024 sammiti geçdi. Bu barada «Kazinform» halkara habarlar agentligi habar berýär.
«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigi «B» hem-de «C» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri işe çagyrýar
«B» hem-de «C» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjiler «Toyota Corolla « we «Hýundai Elantra» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryny dolandyrmak üçin işe çagyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.
«Rosstandartda» aýratyn «Logistika komiteti» döredildi
«Rosstandart» «Logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak» (TK 490) diýen at bilen standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetini döretdi. Degişli buýruk (çeşme) bölümiň web saýtynda çap edildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi.
Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy
18-nji maý goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Russiýanyň we Hytaýyň iri kompaniýalary umumy logistikany dörederler
«Delo» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Şişkarewiň we «Xiamen C&D Inc» kompaniýasynyň baş direktory Lin Maonyň daşary söwdany üpjün etmek, deňiz ulag ýollaryny ösdürmek we iki ýurtda terminal hem ammar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin bilelikdäki logistika zynjyrlaryny gurmak boýunça ylalaşandyklaryny rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçiriler.
Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy
Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.