Habarlar
Habarlar
Halyçy gyzlaryň arasynda haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda çeper elli halyçy gyzlaryň arasynda “Türkmen halysy – milli buýsanjymyz” atly gelin-gyzlaryň haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň ýeňijisini anyklamak üçin SMS arkaly ses bermeklik işi başlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy
21-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
“MNG Airlines” Türkmenbaşy howa menziliniň üsti bilen Gazagystana ýük ugratdy
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (TULM) gurnamagynda 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkiýäniň “MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş” (MNG Airlines) ýük awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menziline getirilen ýük Gazagystana ugradyldy.
Russiýa «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça maýa goýumlary meýilleşdirýär
Russiýanyň daşary ýurtlarda senagat seýilgählerini, logistika merkezlerini we port infrastrukturasyny döretmäge maýa goýmagy meýilleşdirýändigini Russiýa Federasiýasynyň Söwda ministrliginiň daşary söwda pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy we ygtyýarnama departamentiniň direktory Roman Çekuşowyň sözlerine salgylanýan «ТАСС» habar berýär. Häzirki wagtda yzygiderlilik boýunça 12 taslama göz öňünde tutulýar.
Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap
Geçen hepdede ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenildi. Bu baýram halkymyzyň öz garaşsyz, erkin döwleti, milletimiziň agzybirligi, jebisligi, ruhy galkynyşy baradaky hasyl bolan arzuwlarynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 300 ýyl mundan ozal türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy öz eserlerinde şu maksatlara ýetmäge çagyrypdyr.
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy «HotCars» portaly düzdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi.
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Sinszýan – Uýgur awtonom raýonyna bardy
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasynyň ilçisi Parahat Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň (SUAR) Urumçy, Kaşgar, Karamaý we Inin şäherlerine, şeýle hem Horgos serhetüsti geçiş nokadyna baryp gördi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
20-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaý — Ýewropa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy artýar
2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça hereket edýän ýük otlularynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanandygyny we 6184-e ýetendigini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär.
Gazagystandaky forumda sebit logistikasynyň täze ugurlary kemala getirilýär
14-15-nji maýda türkmen wekiliýeti, şol sanda «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň, döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň wekilleri Almatyda geçýän 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşýar. Bu barada «Türkmen Logistika» assossiýasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.